По благословению Святейшего Патриарха Московского и всея Руси КИРИЛЛА
Православие в Туркменистане
Официальный сайт Патриаршего благочиния приходов Русской Православной Церкви в Туркменистане

Moskwanyň we bütin Russiýanyň Patriarhy KIRILLIŇ Rus Prawoslaw buthanasynyň arhipastyrlaryna, pastyrlaryna, diakonlaryna, monahlara we ähli dindar adamlara “Roždestwo” mynasybetli ýüzlenmesi

Hudaýyň sadyk gullary, ýagny ähli halal arhipastyrlar, preswiterler we diakonlar, hudaýhon inoklar we inokinalar,  

gadyrly doganlar we mähriban uýalar!

Şu gün biziň buthanalarymyz Täze doglan Hudaýyň Oglyny – Halas Ediji Hristosy we Onuň Päk Enesi – Keramatly Merýemi şöhratlandyrmaga gelen adamlardan doly.

         Roždestwo Hristowo diýmegiň manysy Hristosyň Doglan Güni diýmekdir we bu gün – bütin adamzat taryhynyň merkezi wakasydyr. Adam hemişe Hudaýy gözläpdir: ýöne Öz dolulygy bilen Hudaýyň Özi diňe Öz Ýeke-täk Oglunyň keşbinde adamzada Özüni açyp görkezipdir. Hudaý Oglunyň  we Adamzat Oglunyň gelmegi bilen – adamzat Alla Tagalla diýmek diňe ummasyz Güýç däl-de – eýsem hem Söýgidigine, diňe Peşgeş beriji däl-de eýsemde Keremdigine, diňe Rehimsiz çözüji däl-de, eýsemde ýaşaýşyň we şatlygyň çeşmesidigine, durmuşyň içki kanuny hem söýgiden ybarat bolup durýandygyna we Alla Tamgallanyň Mukaddes Üç Görnüşden ybaratdygyna göz ýetirdi.

         Şu günem biz adamzat taryhynyň dowamyny düýbünden üýtgeden wakany dabaraly belleýäris. Hudaý adam durmuşynyň jümmüşine aralaşýar, biziň birimiz bolýar, günälerimiziň, adamyň ejizliginiň we güýçsüzliginiň bütin labyryny Öz gerdenine atýar, adamlary çydap bolmaýan azapdan dyndyrmak üçin adamzadyň ähli günälerini Golgofa getirýär. Indi Hudaý elýetmez asmanda däl-de, bu ýerde, biziň bilen, biziň aramyzda. Her gezek Hudaýa ybadat edilende “Hristos biziň aramyzda!” diýlende, muňa jogap edip: “Bar we hemişe bolar” diýip aýdylýar. Munuň özi Hudaýyň Hut Öz Nusgasy bolan – Hristosyň, Öz ynamdarlarynyň arasyndaky Halas edijiniň bardygy barada aýdyň subutnamadyr. Onuň Keramatly Bedeni we Ganyni biz kabul edip, Onuň dini wesýetlerini ýerine ýetirmek ugrunda tagalla edip, biz Onuň bilen, biziň Halasgärimiz bilen  hakyky gatnaşyga girýäris, şeýdip   günämiziň geçilmegine eýe bolýarys.

         Hristosa ynanýanlar we Onuň wepaly okuwçylary  entäk ýerdäki durmuşynda Hristosyň keşbinde açyk mälim bolan Ýagty Jennediň şaýady bolýarlar. Biziň üstümize bu dünýäde biziň Mugallymymyz we Hudaýymyz Hristosyň güýji bilen günä we ýamana garşy durmakda mizemez bolmak, ýagşy işleri etmekde gowşamazlyk, biziň günäli hakylymyzy täze, rowaçlanýan adama özgertmek boýunça her günlük tagallalarymyzda ruhdan düşmezlik ýaly wezipeler ýüklenen.

         Halas Ediji Hristos tarapyndan Hudaý babatynda hakyky gatnaşygyň mizemez, düýpli çelgisi bellenen – bu ähli adamlardyr, ýagny doganlarymyzdyr. Kesekileriň tapsyzlygyny, dert-belasyny öz üstümize alyp, bagtygaralaryň we garyp-gasarlara rehim etmek bilen, biz Hristosyň kanunyny (Gal.6:2) ýerine ýetirýäris hem-de biziň derdimizi alyp, kesellerimizi çeken Halasgäre meňzeýäris (Is.53:4).

         Şu baglty we röwşen günde – bütin adamzat haýran galyp, Hudaýyň Oglunyň sallançagynyň daşyna dyza çökýär - Hristosyň Doglan Gününde  beýlekileri ýatdan çykaryp bilmeris. Biziň şu gün ybadathanalarda alýan ajaýyp peşgeşimiz  Ybadathananyň daşynda, Hristosyň ündeýşi ýaly däl-de, bu dünýäniň hözirini görýänlere-de uly möçberde berilmelidir (Kol.2:8). Eger biz siziň bilen olara geçirimlik etmesek – bu Hoş Habar olara ýetmän hem biler: eger biz ýüreklerimizidäki şatlygy paýlaşmak üçin ony doly açmasak,  ol özlerinde bolmadyk, ýöne ony kabul etmäge taýýarlara hiç wagt galtaşyp bilmez.

         Hudaý Oglunyň keşbinde adamzat tebigaty görlüp-eşidilmedik sepgide ýetdi. Biziň her birimiz diňe “Hudaýyň keşbi we kybapdaşy boýunça” döredilmän, eýsem Hristosyň üsti bilen indi Hudaý tarapyndan perzentlik alyndyk: biz eýýäm “keseki ýa-da gelmişek däl-de, Hudaýyň özine we Onuň Keramatlylaryna ýakynlaşdyk” (Ef.2:19). Hudaýa bu ýakynlyk we ýapyşmaklyk barada Taňrynyň dogasy, onda biz Ýaradana Asman Atasy hökmünde ýüzlenýäris.

         Islendik adam durmuşyny bahasy ýokdur: çünki onuň bahasy Hudaýyň ýeke-täk Oglunyň Keşbe girmegi, Ýaşamagy, Ölümi we Direlmegi bilen öwezi dolundy. Bularyň hemmesi her bir adama aýratyn rehimli we ünsli garamaga itergi berýär, onuň bizden nä derejede tapawutlanýandygyna garamazdan. Keramatly Moswkadaky Filaretiniň (Drozdowyň) pikirine görä: “söýgi başga biriniň rowaçlygyna diri we netijeli gatnaşmakdyr”. Şol netijeli söýgä şu mukaddes we şatlykly günlerde – Hristosyň Doglan Gününde herkimi çagyrasyň gelýär: apostol Paweliň sözlerine görä, birek-birege dogan ýaly, sarpa goýup garaň, birek-biregi bela-beterden goraň, tagallalarda ruhdan düşmäň, Hudaýa gulluk ediň! (Rim. 12:10-11, Ýewr. 13:16).

         Sizi Hristosyň Doglan Güni (Roždestwo) bilen  tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, söýginiň we parahatçylygyň Hudaýy (2 Kor. 13:11) biziň halkymyza we biziň her birimize Täze ýylda parahatçylygy we abadançylygy peşgeş bersin.

Вы здесь: Home Новости Moskwanyň we bütin Russiýanyň Patriarhy KIRILLIŇ Rus Prawoslaw buthanasynyň arhipastyrlaryna, pastyrlaryna, diakonlaryna, monahlara we ähli dindar adamlara “Roždestwo” mynasybetli ýüzlenmesi