По благословению Святейшего Патриарха Московского и всея Руси КИРИЛЛА
Православие в Туркменистане
Официальный сайт Патриаршего благочиния приходов Русской Православной Церкви в Туркменистане

Пасхальное послание Святейшего Патриарха Кирилла в переводе на туркменский язык

Messihiň üsti bilen bize ýeňiş beren

Allamyza şükür!

(1 Kor. 15,57)

 

Gadyrly arhiopastyr doganlar, ăhli ugurlar boýunça dogruçyl preswiter atalary, monah dyndarlary we monahlar, doganlar we uýalar!

 

Bu gudratly günde, men Pasha baýramy bilen siziň ähliňizi tūýs ýūrekden gyzgyn gutlaýaryn, hemde gadymy we keramatly sözler bilen size gujak açýaryn:

MESSIH DIRELDI!

Keramatly Pasha günleri biz, asyrlar boýy, biri birimize “Messih Direldi” sözler bilen garşylaýarys. “Messih Direldi” diýmegiň manysy iki müň ýyl mundan ozal bolup geçen gudratly wakanyň hakykatdygyny we adamzada  ýeňiş we azatlyk berilendigi barada buşlugy aňzatýar.

Keramatly Merýemden dünýä inip, adamzat tarapyndan edilen gūnăleri öz üstüne alyp, özūni jezalandyryp, gymmatly ganyny Alla bagyş etdi we bu hasratlary başyndan geçirip, täzeden direldi. Jaýlanyp goýlan yeri boşap galdy. Daň bilen ol ýerik baran keramatly Zenanlaryň Messihiň ýatan mazarynyň boşdygyny görüp ýürekleri ýaryldy. Girelgede goýlan uly daş, ol ýerde duran garagullar, hiç zat we hiç kim bu gudratly vaka päsgel berip bilmedi (Is.5,14). Dowzagyň öz birinji duşmany bolan Messihi häzir kabul ederin diýip oturan tamasy puç boldy. Messih dowzakdan we ölümden baş çykyp  adamzady halas etdi.

Alla Tagallanyň döreden ilkinji adamlarynyň günäleri bütin adamzada geçip, betbagdçylyklar, keselçilikler, gaýgy gamlar döretdi. “Messih – iň soňky How ata” (1 Kor.15,45) – ölümden baş çykyp adamzady köşeşdirdi. “Adamzat dogup döränden bäri günäleri göterip gelýär, emma Messih ol günälerden adamzady azat edýär”, Apostol Pawel (1Kor. 15,22).

Pasha – bu bir Allanyň dünýäni täzeden guranlygynyň alamaty (Keramatly Feodor Studit).

Adamzat uly günäleri edip, Hudaýdan daşlaşdy. Emma, Halas Ediji adamzada täzeden Hudaýa ýakynlaşmaga ýardam etdi.

Keramatly  Ioan Damaskiniň beýan edişine görä Messihiň Haçynyň üsti bilen bize jenneding gapysy açyldy we biz Hudaýa ýakynlaşyp Onuň balalary bolduk.  Biziň ählimize Allanyň ak ýoly açyldy.

Allanyň Ogly özüne adam tebigatyny kabul edip, hemme taraplaýyn adama meňzedi. Messihiň eke-täk adamdan tapawudy Onuň hiç hili günäsiniň ýoklugydyr. Onuň bütin durmuşy, çeken kynçylyklary we başdan geçiren hasratlary bize görelde bolup durýar. Özüniň Direlmegi bilen, Ol bize günälere we kynçylyklara garşy durmaga, durmuşda dogry hereketler etmäge we päk  ýaşamaga öwretdi.  Adam günälere we kynçylyklara garşy durup ruhy tarapdan ösýär, öz durmuşyny özgertýär we hakyky azatlyga ýetýär.

Häzirki zaman durmuşda biz “azatlyk” sözüne düýbünden ýalňyş many berýäris. “Azatlyk” diýip biz baýlyk, saglyk we güläle-güllük diýip  düşünýäris. Halas Ediji Özüniň Direlmegi bilen “azatlyk” sözüniň hut manysyny bize açdy. Ýagny, Hakykata we Alla bilen birleşmek ýoluna çuň akyl ýetirmeklik “azatlygyň” hak manysydyr (In.8.32).

Halas Ediji, adamyň bedeni tarapdan ölmekligini çürt kesik edip, bize baky durmuş söz berdi. Bu baky durmuş biziň häzirki durmuşymyza meňzemän, öýsem düýbinden täze durmuş bolmalydyr.

Halas Edijiniň bu gudratly Direlmegi biziň gelejekki durmuşumyzyň tymsaly bolup durýar. Biziň gelejekki Täze Dünýämizde ölüm, keselçilik, gaýgy gam, göz ýaş, gorkular we hic-hili aladalar yokdur. Ol Dünýäde wagt hem ýokdur, ýagny ol Dünýä hemişelik dünýädir, ol Dünýäde hemişe şatlyk, päk söýgi, saglyk we güläle-güllik eýe bolýar. “Hudaý her bir adamyň göz ýaşyny süpürer” (Aç.21,4). Hudaýyň ölümi ýeňmekligi bize ýagty tamalar berýär. Ol tamalaryň biri: gelejekde, ýagny Messih Ikinji gezek gelende, biz täzeden direlip Allanyň täze durmuşyna gireris. 

Direlen Halas Edijimize begeneliň we bu begenjimizi garry-gurrylarymyz, agyr keselli adamlalar, gaýgy-gam we hasrat çekýän adamlar, azatlykdam mahrum bolan adamlar  we garyp-guryp adamlar bilen paýlaşaly, olara elimizden gelen kömegi berip sogap gazanaly. Messihiň Direlmeginiň ilkinji şaýatlary bolan Keramatly Apostollara meňzäp, ýagny uly ynam we ak ýürek bilen Messihiň hakykatdanam direlendigini biri birimize buşlalyň!

Omyn.

 

AHLI  RUSSIΫANYÑ  WE  MOSKWANYÑ  PATRIARHY

 

Moskwa

Messihiň Pashasy

2013ý.

Вы здесь: Home Новости Пасхальное послание Святейшего Патриарха Кирилла в переводе на туркменский язык