По благословению Святейшего Патриарха Московского и всея Руси КИРИЛЛА
Православие в Туркменистане
Официальный сайт Патриаршего благочиния приходов Русской Православной Церкви в Туркменистане

Пасхальное послание Святейшего Патриарха Московского и всея Руси Кирилла на туркменском языке

Hudaýy söýýän arhipastyrlar, ählihalal preswiterler we diakonlar, inoklar we inokinýalar, gadyrly doganlar we uýalar!

Hudaýa şükürlik bilen tüýs ýüregimden siziň ähliňize beýik we halas ediji habary ýetirýärin: HRISTOS DIRELDI!

 

Buthana ýyl-ýyldan şu Pasha ýüzlenmesi bilen iki müň ýyl mundan ozal bolup geçen älem-jahan ähmiýetli şol waka şaýatlyk edip gelýär. Şonda ir ertirde uyalar öz Mugallymlarynyň jaýlanan ýerine gelip, tabydyň boşdugyny gördüler. Hristosyň gudratly güýji ölümiň kanunyny ýeňdi. Ol direldi we şonuň bilen ölümiň ýaşaýşyň soňy däldigini, Hudaýyň güýji bilen ölümi hem ýeňip bolýandygyny bütin adamzada aýan etdi.

 

Hristosyň direlmegi, dünýä taryhynda täsin waka bolmak bilen, Hudaýyň emri bilen biziň hem direlmegimiziň başlangyjy boldy. Hut şonuň üçin hem Halas ediji şu dünýä geldi, jebir-jepalary çekdi, haça çüýlendi we her bir adamyň ölülerden direlmegiň tejribesinden geçmegi üçin tabytdan galyp direldi. Bu barada apostol Pawel aýdyň aýdýar: “Hudaý.. bizi hem Öz güýji bilen direlder” (1Kor. 6, 14).

 

Hut şonuň üçinem Pasha baýramy ýaşaýşyň ölümden ýeňmeginiň baýramydyr, çünki Halas ediji Hristosyň Direlmegi bilen ölülerden direlmek bize-de peşgeş berlendir. Ýerdäki durmuşyň haýsydyr bir kynçylyklar, haýsydyr bir synaglar başymyzdan geçse-de, ruhy güýji bolmazdan, biziň geljegimiz barada aýtmaga synanyşýanlar haýsydyr bir elhenç zatlar barada bizi gorkuzsalar-da, biziň dünýä baradaky garaýşymyz parahat we şatlykly bolmalydyr, çünki Hristos direldi!

 

Keramatly Russiýada Pasha baýramy hemişe iň ajaýyp we röwşen baýram bolup durýar. Soňky onýyllykda bu baýramçylyk köpsanly öýlere we maşgalalara ýene-de gaýdyp geldi. Indi bu baýramçylygy ozaldan pasha ýüzlenmesiniň aýdylmadyk ýerlerinde: hassahanalarda we tussaghanalarda, Goşunda we Flotda, hat-da kosmosda hem belleýärler. Şugünki günde Rus dünýäsiniň ýurtlarynda bolup geçýän daşky özgertmeleriň esasynda adam ruhunyň hakykat ýüzünde galkynmagyny, Hristosyň Direlmeginiň begenji her bir adamyň ýüregini doldurmagyny, Hudaýyň söýgi şamçyragy bilen diňe bir biziň ýakynlarymyzyň we dogan-garyndaşlarymyzyň ýüreklerine däl-de, eýsem ybadathana baryp bilmeýän garrylaryň, hassalaryň we hossarsyz adamlaryň hem ýüreklerine ýylylyk çaýmagyny Hudaýdan dileýäris.

 

Hristosyň direlmeginiň üsti bilen dindar adam halal we Hudaýyň dini wesýetleri we parzlary boýunça, ýagny rehimli we mähirli, halal we adamlar bilen hoşniýetli gatnaşyklarda bolup, olar bilen begençlerini we gynançlaryny deň paýlaşyp bilýän adam bolup ýaşamak üçin ýokardan peşgeş berilýän bereketli güýje galtaşmaga mümkinçilik alýar.

 

Ýakynlar babatda şu hristiançylyk gatnaşyklarymyz öz ýurdumyz, öz halkymyz, öz maşgalamyz we öýümiz baradaky aladany hem öz içine alýar. Müdimi ruhy gymmatlyklaryň ileri tutulmagyny wagyz etmek bilen, Buthana öz adamlaryna Hudaý gudraty bilen döredilen wagtlaýyn, emma hakyky gymmatlyklara: bizi gurşap alýan tebigata, ata-babalarymyzyň asyrlar boýy döreden baý medeni mirasa örän yhlasly garamaga çagyrýar. Prowoslawçylygyň ruhy hazynalarynyň we däp-dessurlarynyň aýap goramaklyk özüňi, öz içki dünýäňi işjeň özgertmekden, şeýle hem bizi gurşap alýan dünýäniň gözelligini we sazlaşygyny gorap saklamakdan we adamyň betnebisligi bilen derbi-dagyn edilen ýerleri dikeltmekden ybaratdyr. Munuň özi hristian adamyň borjy we jogapkärçiligidir.

 

Hudaý bizden gaty kyn edermenligi talap etmeýär. Her bir adamyň ruhuna ýüzlenmek bilen, Ol şu sözler bilen ýene we ýeneden ýüzlenýär: “Ähli jebir-jepa we kynçylyk çekýänler Meniň ýanyma geliň we Men sizi köşeşdirerin; meniň zulum-sütemimi özüňize alyň we Menden öwreniň, çünki Men sada we akýürekli, siz öz ruhuňyza rahatlyk taparsyňyz; çünki meniň jebir-jepalarym Meniň bähbidimdir we Meniň zulum-sütemlerim ýeňillikdir” (Mf. 11, 28-30). Hudaýyň biziň üstümize ýükleýän kynçylyklarynyň nähili bähbitli we aňsatdygyny duýmak we oňa düşünmek üçin öz ýakynlaryňyza we kesekileriňize ýagşylyk etmegi öwrenmek gerek. Bu tälimde diňe ilkinji ädimler: wagtynda özüňe erk edip, gödeklige gödeklik, ýamana ýamanlyk, aldawa aldawlyk, ýazgarmaklyga ýazgarmaklyk bilen jogap bermekden saklanmak kyndyr. Öýde, işde, Buthanada ýa-da goňşular we tanyşlar bilen gatnaşyklarda bir adama haýyr beren dogry we halal hereketden kanagatlanma duýgysyny başdan geçirmekden gowy zat ýokdur. Eger akýürekden edilen haýyrly işler siziň durmuşyňyzyň bir bölegi bolup durýan bolsa, bu kanagatlanma duýgusy ruhuň şatlykly we ruhubelent ýagdaýyna geçmäge ukyplydyr. Diňe şonda biz öz eýän haýyrly işlerimiz bilen jemgyýetçiligiň abadançylygynyň arasynda aýrylmaz arabaglanyşygyň bardygyna akyl ýetiermek bilen, jemgyýetçilik durmuşynda gowluga tarap özgertmeleri duýarys.

 

Biziň hem şahsy hem-de kär-hünär we jemgyýetçilik babatdaky hereketlerimiziň Ýewangeliýadaky delillendirilmegi biziň özümizi we daşky dünýäni düýpli üýtgetmäge ukyply.

 

“Goý, Hudaý direlsin we ähli ýaramazlyklar ýok bolsun!” – diýip biz şu ýagty şöhleli gijede ýüzlenýäris. Goý Hudaý biziň ýüreklerimizde direlsin we ýalanlyk, duşmanlyk, gahar-gazap, zorluklar we durmuşymyzdaky ähli nogsanlyklar ýok bolsun.

 

Siziň ähliňizi Mukaddes Pasha baýramy bilen gutlaýarys. Hakykatdan hem Direlen Hydaýyň kömegi we ak patasy bilen, goý, biziň her birimiziň Buthananyň hatyrasyna, biziň ýaşaýan ýurtlarymyzyň hatyrasyna, ýakyndakylarymyzyň we uzakdakylarymyzyp hatyrasyna mundan beýläkdäki işlerimizde hemişe rowaçlyk ýaran bolsun. Omyn.

Moskwanyň we bütin Russiýanyň Patriarhy

Moskwa,Hristowyň pashasy 2011ý.

 

Вы здесь: Home Новости Пасхальное послание Святейшего Патриарха Московского и всея Руси Кирилла на туркменском языке