По благословению Святейшего Патриарха Московского и всея Руси КИРИЛЛА
Православие в Туркменистане
Официальный сайт Патриаршего благочиния приходов Русской Православной Церкви в Туркменистане

Moskwanyň we ähli Russiýanyň Patriarhy KIRILLIŇ arhipastyrlara, ruhanylara, diakonlara, monahlyk edýänlere we Rus Prawoslaw Buthanasynyň ähli wepadar perzentlerine “Roždestwo” ýüzlenmesi

Beýik Hudaýyň Şepagaty Ýeke-täk
Ogluny dünýä iberenden soň bizi gurşap aldy,
Onuň üsti bilen ýaşaýyşa eýe bolmagymyz ücin  etdi. 
(1 In, 4.9.)
 
Merhemetli arhipastyrlar, hormatly atalar, akýürekli inoklar, gadyrly doganlar we uýalar!
Ýagty jahana inen Hudaýyň Ogly barada şatlyga beslenip size ýüzlenýärin hem-de sizi Hudaýymyz we Halas Edijimiz Messihiň Doglan Güni bilen”, ýagny Taňrynyň ýagtylyk we ýaşaýyş paýlaýjy “Roždestwo” baýramçylygy bilen gutlaýaryn.
“Arşlarda Hudaýa şöhrat we ýerde parahatlyk, adamlara ýagşy niýetde bolmagyny dileýäris” (Lk. 2,14). Ýylyň ýylyna Halas Edijiniň bize sözde beýan edilmedik rehim-şepagatyny alkyşlamak bilen, gadym bir wagtlar Perişdeden “ähli adamlara miýesser boljak uly şatlygy” (Lk, 2.10) eşiden  Wifleýemiň çopanlary ýaly, ruhy göreçlerimiz bilen Messihi görmäge ymtylýarys. Onuň gelýändigini meşhur pygamberler öňünden habar berdiler hem-de Onuň gelmegine köpsanly ärler we zenanlar garaşdy ahbetin. 
Ine-de pygamber Aggeýiň (Agg., 2,7) sözi bilen aýtsak, ähli halklaryň Arzuwlysy  Özüni kemsitmek bilen guluň şekiline girýär, adama öwrülýär (Flp. 2,7). Älemiň Hökümdar özi üçin patyşalaryň köşgüni ýa-da dünýäniň eýeleriniň ymaratyny ýa-da baýlaryň we han-begleriň köşgi-diwanyny saýlamandyr. Onuň üçin hatda myhmanhanadan hem orun tapylmandyr. Hudaýyň Ogly mallaryň saklanýan gowagynda doglupdyr, onuň üçin sallançak bolup mallaryň iýmitlenýän ahyry hyzmat edipdir.
Eýsem, Hudaýyň baýlygynyň şuglasy çaýylan gowagyndan garyp zat barmyka we onuň gundagyndan gymmaty pes bolan zat barmyka? Biziň halas bolmagymyzyň Ýaşyrynlygyny saklamak üçin iň pes garyplygy saýlamak bilen Messih biziň dünýämizde has ähmiýetli hasaplanýan zatlary: häkimlik, baýlyk, at-abraý, asylly gelip çykyşyň bolmagy we jemgyýetçilik derejesi ýaly zatlary özine kabul etmändir. Ol bize durmuşyň başga kanunyny teklip edýär, tekepbirligi we gahar-gazaby ýeňip geçýän tabynlygy we söýgüni teklip edýär. Bu kanun boýunça adamyň gowşaklygy Hudaýyň merhemeti bilen birigip, bu dünýäde häkimiýete we güýç-kuwwata eýe bolanlaryň garşy gelip bilmeýän gudratyna öwrülýär. Hudaýyň güýji ýer beýikliginde we dünýä abadançylygynda däl-de, ýüregiň ýönekeýleginde we tabynlygynda öz ornuny tapýar.
Prepodobnyý Serafim Sarowskiý aýtmyşlaýyn “Hudaý Hudaýa we adamlara bolan uly söýgi bilen püre-pür dolan ýürekleri gözleýär, ine-de onuň halaýan tagty...” Ogul, maňa ýüregiňi eçil, ähli galan zatlary Men saňa peşger bererin” diýip Ol aýdýar, “çünki adam ýüreginde Hudaýyň tutuş patyşalygy ýerleşip biler” (Hristian ömrüniň maksady hakynda söhbetdeşlik).  Hudaý garyplary we öýsüzleri äsgermezlik etmeýär, pulsuzlary we wezipesizleri ýigrenmeýär, munuň üstesine-de ol maýyplary we agyr hassalary inkär etmeýär. Bularyň barysy ynsany Hudaýa ýakynlaşdyrmaýar hem, daşlaşdyrmaýar hem, şonuň üçin-de munuň özi ony gaýga batyrmaly ýa-da gutulgysyz lapykeçlige salmaly däldir.  Halas Ediji biziň özümizi talap edýär. Oglum! Gyzym! maňa ýüregiňi ber, - diýip Ol bizi çagyrýar (Tymsal 23, 26).
Ajaýyp “Roždestwo” baýramçylygy bize gyşarnyksyz Messihiň yzyna eýermegiň zerurlygyny ýatladýar, Ol biziň ýaşaýyşa eýe bolmagymyz, artygy bilen hem eýe bolmagymyz üçin geldi (In.10,10), Ol ýalňyz dogry ýoldur, şübhesiz hakykatdyr we durmuşyň özüdir (In. 14,6). Goý, biz gutulgysyz gabat gelýän kynçylyklardan wehim etmäliň hem-de başymyza düşýän synaglar biziň hiç birimizi “döwmesin”, çünki Hudaý hemişe biziň ýanymyzdadyr! Hudaý ýanymyzda bolanda durmuşymyzdan gorky gaçýar. Hudaý ýanymyzda bolanda  biz ruhy rahatlyga we şatlyga eýe bolýarys. Hudaý ýanymyzda bolanda biz Oňa bil baglap, ýerdäki syýahatymyzy dowam edýäris.
Messihiň yzyna düşmek bilen adam bu dünýäniň apatlaryna garşy gidýär. Ol  duş gelýän aldawlara boýun bolmaýar we ýolunda päsgelçilik döredýän günäleri gaýduwsyzlyk bilen küle öwürýär. Sebäbi günäniň diňe bir özi bizi Hudaýdan daşlaşdyrýar hem-de biziň durmuşymyzy ajy hakykata öwürýär. Diňe bir günäniň özi Hudaýyň merhemetinden inýän ýagtylygy duwlap, bizi köpsanly betbagtçylyklara iterýär, biziň ýüregimize beýleki adamlara rehimsizligi salýar. Günäni diňe Keramatly Ruhuň gudraty bilen ýeňip bolar, gudrat bize Buthanada paýlanýar. Hudaýyň güýjüni kabul eden halatymyzda, ol biziň içki dünýämizi özgerdýär, hem-de Hudaýyň erk-ygtyýaryna görä daşky dünýäni üýtgetmäge ýol açýar. Hut şonuň üçin-de Buthana bitewiliginden nähilidir bir ýol bilen aýry düşýänler, edil guraýan agaç ýaly ýagşylyga bolan ukybyndan mahrum bolýarlar. 
Men Ukrainanyň ýaşaýjlaryna aýratyn ýüzlenesim gelýär.  Ukraina topragynda ýüze çykan dogan gyrlyşykly uruşlar buthana perzentlerini biri-birinden üzňe düşürmeli däldir we olaryň ýüreginde ýigrenç duýgusyny döretmeli däldir. Hakyky hristian ynsan ýakynlaryny hem, ýatlary hem ýigrenip bilmez. “Siz öz ýakynyňy eý gör, duşmanyňy ýigren diýip aýdylany eşitdiňizmi – diýip Hudaý özüni diňleýänlere ýüzlenýär – Men bolsa size şeýle diýýärin: öz duşmanlaryňyzy eý görüň.... Arşdaky Ataňyzyň ogullary bolarsyňyz, çünki Ol Öz gününe ýamanlaryňam, ýagşylaryňam üstünden dogmagy buýurýar” (Mf.5, 43-45). Goý, Halas Edijiniň bu sözleri biziň ählimiz üçin durmuşda gollanma bolsun, goý, başgalara bolan gahar-gazap we ýigrenç duýgulary biziň kalbymyzda hiç wagt ýer almasyn. 
Köp milletli Rus Prawoslaw Buthanasynyň ähli perzentlerine Ukrainada duşmançylygyň çalt wagtyň içinde doly tamamlanmagyny, adamlara uruşda ýetirilen ruhy we ten şikesleriniň şypa tapmagyny  diläliň diýip çagyrýaryn. Ybadathanada hem, öýde hem bu barada akýürekden Hudaýdan dilegler edeliň, şonuň ýaly-da biziň ýurtlarymyzdan daşda ýaşaýan we harby çaknyşyklardan azar çekýän hristianlar hakynda hem dogalar okalyň.
Ýagty şuglaly “Roždestwo" gijesinde we ondan soňraky keramatly günlerde biziň Halas Edijimize we Taňrymyza alkyşlar aýdalyň we Ony öwüp arşa çykaralyň, Ol Özüniň adam söýüjiligi bilen dünýämize aýak basmagy özüne mynasyp bildi. Hudanyň perzendi Messihe, injil pähimdarlary ýaly, öz peşgeşlerimizi getireliň, ýagny altynyň ýerine biziň akýürekden söýgümizi, hoşboý ysly “ladanyň” we “smirnanyň” ýerine – ýürekden dileglerimizi, ýakynlarymyza we ýatlara mähirli we yhlasly gatnaşygymyzy paýlalyň.
Mähribanlarym,  ýene-de bir gezek Siziň ähliňizi ýagty baýramçylyk Roždestwo hem-de ýetip gelen Täze Ýyl bilen gutlaýaryn, Beýik Sahawatly Iisus Hudaýyň size  ýagşylyklary we sahylyklary bermegini doga-dilegler edýärin. Omyn.
Moskwanyň we ähli Russiýanyň Patriarhy
Messihiň Roždestwosy
2015/2016 ý.
Moskwa şäheri
Вы здесь: Home Новости Moskwanyň we ähli Russiýanyň Patriarhy KIRILLIŇ arhipastyrlara, ruhanylara, diakonlara, monahlyk edýänlere we Rus Prawoslaw Buthanasynyň ähli wepadar perzentlerine “Roždestwo” ýüzlenmesi