По благословению Святейшего Патриарха Московского и всея Руси КИРИЛЛА
Православие в Туркменистане
Официальный сайт Патриаршего благочиния приходов Русской Православной Церкви в Туркменистане

Arhipastyrlara, pastyrlara, diakonlara, monahlara we ähli Rus Prawoslaw Buthanasynyň wepaly halkyna Ähli Russiýanyň we Moskwanyň Patriarhy Kirilliň Pasha ýüzlenmesi!


Gadyrly arhipastyrlar we pastyrlar, ăhli ugurlar boýunça dogruçyl preswiter atalary, monah dyndarlary we monahlar, doganlar we uýalar !

Bu keramatly gün, bütin ýagty jahan (Ker.Pashanyň kanony) durmuşyň “Başlygyny” we “ölümi Eňeni” şöhratlandyrýar. Men Pasha baýramy bilen sizi tūýs ýūrekden gyzgyn gutlaýaryn we size şeýle ýüzlenýärin:

MESSIH DIRELDI!

Her ýyl Hristosyň Direlmegi barada hoş habary joşgunly ýaňlanýar hem-de Hudaýy we öz ölüminiň üsti bilen ölümi ýoklap bizi hemişelik, baky durmuşa getiren Halas Edijini magtamaga mejbur edýär.

Baýramlaryň baýramyny we ýeňişleriň ýeňişini belläp duran wagtymyzda, biz ruhy duýgy bilen Halas Edijiniň günäleri ýuwýan edermenligini, Onuň krestde başyndan geçiren ejirini we Onuň ölümden täsin direlmegini ýatlap geçýäris. Pasha – munuň özi bir owadan, gyzykly rowaýat däldir, ýa-da ol teoretik düşündiriş däldir, ýa-da ol geçmişde halk tarapyndan oýlanyp tapylan Hudaýa bolan sarpa däldir. Pasha – bu hristian dininiň manysy we özeni. Pasha – bu Hudaý tarapyndan bize berilen ýeňiş.

Apostallaryň ýaşan döwründen şu günki gune çenli Buthana Hristosyň direlmegini adamzadyň taryhynda iň uly gudrat hasap edip gelýär. Bu gudrat diňe Injilde ýazylan taryhy waka däl-de, eýsem adamzadyň ykbalyny çözen fakt bolup durýar. Bu baýram biziň her birimize degişlidir, sebäbi Hristosyň Direlmegi – günä baryny edip pese düşen adamzadyň günälerini ýuwmakdyr. Şonuň üçin Hristosyň Direlmegi – bu adamzat üçin iň uly bagt we iň uly şatlykdyr. Bu dünýä nähilyi agyr bolaýsyn, nähili betbagtçylyklar we kynçylyklar başymyza geläýsin – biz baky, ýagty, şadyýan durmuşyň bardygyny we ony Huday bize berýändigini ýatlap durup, şükür edip ýaşamaly.

Apostol Paweliň aýdan sözlerine görä, ölümden direlen Hristos, bizde ornaşan Keramatly Duhuň üsti bilen, bizi hem ölümden direlder (Rim 8,11).

Bu Hristosyň Direlen gününde millionlarça bu dine ynanýanlaryň ýüregi Ýaradyja bolan minnetdarlyk duýgydan dolýar we bu durmuş hakyky manysyna eýe bolýar. Hristosyň Pashasy bu durmuşyň beýik dabarasy bolup durýar, ölümiň üstinden ýeňiş bolup durýar hem-de söýgä, asudalyga we ruhy kämilleşmeklige çagyrýan dabara bolup durýar.

Pasha baýramyny belläp geçip biz öz durmuşymyzda bir täze döwür açýarys, sebäbi Direlen Hudaý adamzat tebigatyny özgertýär, kynçylyklardaky mertligi berkitýär, sowap işlerini etmeklige ugrukdyrýar.

Dünýä taryhyň soňky ýoluny düýbinden özgerden Pasha habary häzirki jemgiýete örän zerur bolan ahlak taýdan we ruhy taýdan bize özgermäge ýardam berýär.

Pasha – hristian dininiň başlangyjyny we Hudaýyň Baky Dünýäsini bize ýatlatýar (1 Kor. 15,28).

Pasha dabarasynyň günlerinde biz biri birimiz bilen begenjimizi paýlaşmalydyrys, biri birimize söýgi we rehimlilik bildirmelidiris. Bu keramatly däp asyrlar boýunça dowam edip gelýär. Bu däp boýunça biz Hristosyň mirasyna degişlidigimize göz ýetirýäris we Hristosyň hakykatdanam ölümden direlenine ynanýarys.

Hemişe bolşy ýaly, bu gün hem Rus Prawoslaw Buthanasy halas edijilik borjuny ýerine ýetirip, Hudaýyň hakykatyny ýadowsyz habar berip, Injiliň wesýetlerini ýöretmegiň zerurdygyny nygtap, adamlary agzybirlige we asudalyga çagyrýar hem-de Moskwa Patriarhata degişli halklaryň ruhy taýdan birleşmegini ündeýär.

Russiýanyň we Ukrainanyň halklary barada şu günki gün biz Alladan ýadowsyz dilemelidiris. Dini we gany boýunça dogan bolup gelýän bu halklaryň aňyna we ýüregine Alla söýgi we agzybirlik salanyny diläliň. Olaryň arasynda ýitip galan baglanyşyklaryň we zerur hyzmatdaşlyklaryň dikelmegini Alladan diläliň.

Hristian dini Allanyň örän uly bize bolan söýgüsini mälim edip (Ef.3,19) milli, medeni we döwlet päsgelçiliklerden üstün çykyp adamlary ýakynlaşdyrýar, sebäbi Hristosyň ýagtysy herkimi özgertýär (In.1,9).

Direlen Hudaý biziň barymyza uzak ömür bersin. Bu berlen ömürde, özümizde we ýakynlarymyzda berk ynam, päk söýgi we sarsmaz tamany döredip ýaşamalydyrys. Goý bu dabaranyň şatlygy bizi berkitsin we sowap işlerini etmäge bizi ruhlandyrsyn, bize bu agyr döwürde mertlik we güýç-kuwwat, çydamlylyk we gaýrat bersin. Goý biziň ýüregimize giňlik salsyn, hemde Prepodobnyý Sergiý Radonežskiniň aýdan sözleri ýaly, günälere we şeýtanyň täsirine garşy durmaga gujur – gaýrat bersin.

Tawutdan galyp direlen Hristosyň şöhradynyň şöhlesi goý hemişe biz bilen bolsun, goý ol şöhle biziň ýüreklerimizi ýagtaldyp dursun. Bu ýagty biziň ýüregimizden bizden söýgä, kömege we hemaýata zar bolan adamlara tarap uzalyp geçip gitsin.

Siziň ähliňizi bu beýik Keramatly Pasha baýramy bilen gutlaýaryn. Size ruhy baýlygy, jan saglygy we Hristosyň yzyndan galman ädim ätläp barmagyňyzy Hudaýdan dileýärin. Omin.

KIRILL, ÄHLI RUSSIÝANYŇ WE MOSKWANYŇ PATRIARHY

Moskwa, Hristosyň Pashasy, 2014 ýyl

Вы здесь: Home Новости Arhipastyrlara, pastyrlara, diakonlara, monahlara we ähli Rus Prawoslaw Buthanasynyň wepaly halkyna Ähli Russiýanyň we Moskwanyň Patriarhy Kirilliň Pasha ýüzlenmesi!